ýaňralyk

Ýaňranyň gylyk-häsiýeti, manysyz köp geplemeklik, boş sözlülik.

  • Ylýas töre özüniň öwünjeň ýaňralygy bilen gürrüňe kellesini gyzdyryp, güni öýleden agdyrdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýaňralyk - ýaňralygy.