ýaňlanmak işlik

  1. Güýçli çykan ses ýaýrap gitmek, ses düşüp owazlanyp gitmek, seslenip owazdan dolmak.

    • Meýhananyň içi saz-söhbet bilen ýaňlandy. («Görogly» eposy)

    • Gümmürdi uzakdaky dagyň derelerinde-de ýaňlandy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Göçme manyda Dünýä ýaýramak, il arasyna dabarasy dolmak.