ýaňky

Biraz wagt mundan öňki, az wagt mundan ozalky, az wagt öň bolup geçen.

  • Onsoň ol özüniň ýaňky diýenlerine garşy çykyp, gaty-gaty geplemäge başlady. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  • Şol wagt bir tarapdan tüweleý gelip, suwy tolkundyryp, suw içmäge baran ýaňky garynjany suwa gaçyrypdyr. («Türkmen Halk Ertekiler Ýygyndysy»)