ýaňak

Anatomiýa Ikiýan çekge süňküň aşak etegi.

  • Aýsoltanyň güne ýanan goňur ýaňagyny ýalap geçýän şemalda salkynlyk duýulýardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Nadýanyň kiçijik ýaňaklary gyzaryp gitdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýaňak - ýaňagy.

al ýaňak

Gülgün, owadan ýaňak.

  • Al ýaňakdan öpýän balym, Aýlar jan! (B. Kerbabaýew, Aýlar)

alma ýaňak

seret al ýaňak

  • Pisse dodak, inçe bil, alma ýaňakly söwdügim. (Ata Salyh, Saýlan eserler)