ýaňa

[ýaňa:]

  1. Tarapa, ugra, ýana.

    • Gylyç bir ýaňa eňňit edenden soň, ony kes-kelläm gaýtaryp bolmaýany onuň gözüniň öňüne geldi. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

    • Bularyň gürrüňi «ker bir ýaňa, kör bir ýaňa» diýen ýaly boldy. (A. Gowşudow, Eserler)

  2. Ötri, zerarly, sebäpli.

    • Garrylar özleriniň begençlerinden ýaňa bir agyz-da gepläp bilmän, diňe bir «päh-päh» diýişdiler. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

    • Ýok, kaka! Menden ýaňa arkaýyn bolaýgyn! (K. Jumaýew, Dört Dogan)