ýaýylmak1 işlik

[ýa:ýylmak]

Ýaýmak ýoly bilen gatygyň, gaýmagyň ýagy alynmak, gatyk ýaýlyga guýlup, pişek bilen urlup, ýagy alynmak.

ýaýylmak2 işlik

[ýa:ýylmak]

  1. Ýasalyp ýukaldylmak, oklaw bilen endigan ýazylyp ýuka edilmek, ýazgyn forma berilmek (hamyr hakda).

    • Çelpek ýaýylyp gutaryldy.

  2. Seçelendirilip goýberilmek, pytradylyp goýberilmek, ýaýradylmak.

    • Ol Galýanyň ýaýylyp ýatan sary saçlaryna, şekillije çaga ýüzüne seredip, ep-esli wagt doňan ýally bolup oturdy. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

ýaýylmak3 işlik

  1. Giňden ýazylmak, ýazylyp gitmek.

    • Dagdan aşanymyzdan soň, biziň gözümiziň öňünde giden bir ýaşyl düzlük ýaýyldy. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

    • Altaý daglaryna çenli ýaýylyp ýatan sähralarda dowarlaryň sürüleri bakylypdyr. (Gadymy dünýä taryhy)

  2. Göçme manyda Mälim edilmek, aýan edilmek, ýaýramak.

    • Nursoltanyň şatlyk şöhlesi ýaýylan ýagty ýüzüne birdenkä gaýgy alamaty çaýyldy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)