ýaýratmak işlik

  1. Dargatmak, pytratmak.

    • Çopan sürini ýapynyň ýüzüne ýaýradyp, adatdakysy ýaly goşa tüpeňini elinde tutp, töweregine ser salyp durýar.

  2. Çaýmak, saçmak.

    • Gün özüniň şöhlesini ýaýradyp başlapdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Paýlamak, üleşdirmek.

    • Raýonyň alyjylar soýuzy oba magazinlerine dürli harytlar ýaýradýar.

  4. Ýaýraň, ýazgyn görnüşe getirmek, ýazmak, germek.

    • Gaz ganatlaryny ýaýradyp otyrdy. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

  5. Köpçülige mälim, äşgär boluşlyk.

    • Bu gürrüň halk arasyna ýaýrapdyr.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýaýratmak - ýaýradýar, ýaýradar, ýaýradypdyr.