ýaýramak işlik

  1. Dargamak, pytramak.

    • Ýaňy dogan Günüň şöhlesi dünýä ýaýrady. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

    • Olaryň käbirleri tamyň içine ýaýran buguň arasynda çala görünýär. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

    • Ýyly tamyň içine dymyljyk der ysy ýaýrap gitdi. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  2. Çaýylmak, saçylmak.

    • Gün şöhlesi ýaýylyp gidýär.

  3. Ýaýraň, dagynyk halda bolmak, ýazylmak, gerilmek.

    • Ynha, garpyzyň gollary çar tarapa ýaýrap başlady. (N. Esenmyradow, Ýaş Naturalist)

  4. Köpçülige mälim bolmak, äşgär bolmak, aýan bolmak.

    • Bu şygyr tiz wagtda bütin Russiýa ýaýraýar. («Edebiýat»)

    • Bu gykylyk oba jar boldy, bütin ile ýaýrady. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  5. Giň gerim almak, barha ösmek.