ýaýnamak işlik

  1. Bolçulykda ýaşamak, bolelinlikde güzeran geçirmek, erkin ýaşamak.

    • Ejemiň ýaýnap ýaşaýan bu azat günlerinde her bir üstünligine, her bir guwanjyna men meýlis gurýaryn. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Çopan Ogly)

    • Şu öýden gitsek, biz ýaýnap ýaşarys. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Çopan Ogly)

    • Erkana ýaýnap gezýän, Joşup waspyny ýazýan. (P. Seýidow, Bagytlylar)

  2. Göçme manyda Hezil etmek, lezzet tapmak, lezzetlenmek.

    • Kenarynda, kemerinde daglaryň, Bürgüt guşy, arslan-şirler ýaýnaýar. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

    • Sürüli goýunlar asudalyk bilen ýaýnap gezerdiler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  3. Giňden ýazylmak, uzap gitmek, uzamak.

    • Kyrk çulbadan aňyrlygyna bolsa ownujak gyzgylt daşly gyr ýaýnap gidýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Onuň günorta taýy belentli-pesli üznüksiz dag etegi, baýyrlyk bolup, demirgazyk-gündogar taýy Garaguma bakan ýaýnap gidýän üznüksiz çöldi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)