ýaýmak1 işlik

[ýa:ýmak]

Gatygyň ýagyny almak üçin ýanlygyny yzyny üzmän, pişek bilen bulap durmak.

  • Mama ýanlyk ýaýmaga taýynlanyp durdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ol ertir basyryp giden gatygyny ýaýyp başlady. (B. Seýtäkow, Moskwanyň Ýalkymy)

ýaýmak2 işlik

[ýa:ýmak]

  1. Hamyry oklaw bilen iki tarapa togalap ýukaltmak, hamyra ýazgyn forma bermek.

    • Jomaly gaýtarýarlar, şonuň çelpegini ýaýmaga barýan. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Seçelendirip goýbermek, pytradyp goýbermek, ýaýratmak.

    • Gelni tamyň çüňňünde saçyny ýaýyp ýatyr. («Tokmak» žurnaly)

    • Bürenip al-elwan ýaglyk, Otyr ol gyz zülpüň ýaýyp. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

ýaýmak3 işlik

  1. Giňden ýazmak, germek.

    • Soňra ol hem ganat ýaýyp, howlynyň depesine çykdy. (B. Seýtäkow, Moskwanyň Ýalkymy)

  2. Mälim etmek, aýan etmek, ýaýratmak.

    • Syryňy ile ýaýmak.