ýaýlym

Süri agym berer ýaly öri meýdany, çygyr, öri.

  • Takmyn bir kilometrlikde bir täze guýy gazylypdy, üç süri şondan suwlanýardy we ýaýlymy hem şol guýynyň töweregidi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Süriniň giçki öýlän ýaýlymyny öz kömekçüsü ýaş çopan Abda tabşyryp, Seýli aga goş-taşasynyň güneşinde dynç alyp uklap ýatyrdy. (B. Gurbanow, Çarwa Mergeniň Gürrüňi)