ýaýbaňlanmak işlik

Giň möçberde alyp barylmak, ýokary derejede ösmek, giň gerim almak, artmak, güýçlenmek, ýaýbaňlaşmak.

  • Şol wagtdaky Hytaýda gurluşyk giň ýaýbaňlanypdyr. (Gadymy Dünýä Taryhy)

  • Rak keseline garşy göreşýän ýörite edaralaryň seti giňden ýaýbaňlandy. (I. F. Berezin, Pak Keseli Näme we Onuň Garşysyna Nähili Göreşmeli)