ýaýbaň

  1. Giň, uly.

    • Tamaranyň mele saçly ýaýwaň maňlaýynda, ýaýylyp ýatan gyýma gaşlarynda çytylmak alamaty ýaly bir zat kölege salýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Ýazgyn, ýaýraň.

    • Epeý gojanyň ýaýbaň ak sakgaly bütin gursagyny örtüp durdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Parslar bolsa ýaýbaň hatarlarda söweşipdirler. (Gadymy Dünýa Taryhy)

  3. Ýygy däl, selçeň.

    • Sopy, seniň ilki Ädim urşuň ýaýbaň weli, toýhana gelende, doga bagyňy saýlanyň -- ow! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)