ýaý

[ýa:ý]

  1. Uçlaryna dartdyrylyp kiriş daňlan duga görnüşli hem-de ok atýan gadymy agaç ýarag.

    • Ýaý peýda bulan wagtynda ilkidurmuş adamsynyň awy has şowly bolup başlapdyr. (Gadymy Dünýä Taryhy)

  2. Çaga kürtesiniň arkasyna dakylýan gyzyl çaýylan şaý.

    • Ine, şonda şol bukjanyň içinden ýüzüne tylla çaýylyp ýasalan kümüş bazbent we başga şular ýaly şelpeli çaga şaýlary çykdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  3. Toýnujagyň iki ujuna rezin daňlyp, göjek, daş salnyp atylýan enjam.

  4. Dikligine egreldilen çyzyk şelilli dyngy ýa-da matematika belgisi ([]).

ýaý bermek

Egrelmek, gyşarmak.

  • Dogry barýan ýol gum burnagyna ýetip, şol ýerden çepe tarap ýaý berip, burnagyň aňyrsyna duwlanyp gidýärdi. (B. Gurbanow, Duşuşyk)