ýüzmek1 işlik

  1. Batman saklanyp bilmek, eliň, aýagyň we ş. m kömegi bilen suwuň ýüzünde hereket etmek.

    • Gurbaga hem suwa girip, beýleki gyrasyna tarap ýüzüp ugrapdyr. («Türkmen Halk Ertekiler Ýygyndysy»)

    • Ol suwda gowy ýüzýär.

  2. Suwuň ýüzi bilen gitmek, suwuň ýüzünde hereket etmek (gämi we ş. m. hakda).

    • Derýanyň ýüzünde ýelkenli gämiler, ýelkensiz gaýyklar ýüzýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem ýüzmek - ýüzdüm, ýüzdüň, ýüzüpdir.

pikir derýasynda (kölünde) ýüzmek

seret pikir

  • Ol pikir derýasynda ýüzýärdi. («Sowet Türkmenistanyň Aýallary Žurnaly»)

  • Ýüzýän pikir kölünde Her demim-de bir ýana. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

ýüzmek2 işlik

Malyň derisini eliňi sokup, sokup aýyrmak, soýmak, hamyny sypyrmak.

  • Uruş isläp üstümize gelseňiz, Taýyndyrys burnuňyzdan ýüzmäge. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem ýüzmek - ýüzdüm, ýüzdüň, ýüzüpdir.