ýüzlenmek işlik

  1. Bir tarapa ugramak, bir tarapa ýönelmek, bir tarapa gitmek, bir ugra hereket etmek.

    • Şol wagt gyrkymçylar hem şu günki gyrkymyny gutaryp, teläre bakan ýüzlendiler. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Aýna kädisini arkasyna alyp, Artykdan taýa oglanyň göz gezdirdi-de, yzyna bakan ýüzlendi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Birine ýa-da köpçülige ýüz tutmak, hemmeleriň pikirini özüňe çekýän söz aýtmak, çagyryş bilen ýüz tutmak.

    • Şol ondan soň garnizon naçalnigine ýüzlendi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)