ýüzleý

  1. Çuň däl, ýüzüne golaý, has ýokarrakdan, ýüzräginden, çalaja.

    • Ýeri näçe ýüzleý depseň, şonça-da ekiniň hasyllygy az bolýar.

  2. Göçme manyda Sowuk-sala, bolar-bolmaz, düýpleýin däl, gowşak.

    • Ol soňky wagt guramanyň işine ýüzleý ýolbaşçylyk edenligini içinden boýnuna almaga mejbur boldy. (N. Jumaýew, Ak Derek)

    • Durmuşa şeýle ýüzleý garaýan adamlar ýaşylyň arasynda-da bar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Ýüzleý gözden geçirdim. (G. Kulyýew, Köpetdagyň Aňyrsynda)