ýüzlük1

Ýüz manatlyk tutuş kagyz pul.

  • Petde-petde ýüzlükleri alyp, kurorta geldimi, geldi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Sygryň bahasyndan alnan ýüzlükler onuň penjesinden öz ygtyýaryna ýeke -- ýekeden ýere gaçyp başlady. («Tokmak» žurnaly)

  • Inim, ynha şu üç ýüz manatlyk zaýom, üçüsi hem ýüzlük, şuňa näçe pul berýän bolsaňyz, beriň! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýüzlük - ýüzlügi.

ýüzlük2

Geýimiň, ýorganyň we ş. m. zatlaryň daş ýüzüne tutmaga ýaraýan.

  • Düşegi bir zaty palas, ýapynjalary hem ýüzlügi ýüňleri tozgalaşyp duran iki sany ýorgan boldy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýüzlük - ýüzlügi.