ýüzüşmek1 işlik

Ýüzüp suwda ýaryşmak.

  • Ýaş çempionlar güýç synanyşmak üçin suwda ýüzüşdiler. Onlaryň komandasy ýüzüşmekde hem birinji orny eýeledi.

ýüzüşmek2 işlik

Mal öldürilende derisini soýmaga kömekleşmek, hamyny aýyrmaga kömek etmek.

  • Sygryň hamyny Ata ýüzüşäýdi, bolmasa, meniň ýeke özümi gaty ýadatjakdy.