ýüwrük ýüw‧rük

seret ýyldam

  • Mesliginden jylaw çeýnäp ýüwrük at, Basan ýerin köwläp, gumdan ýol açýar. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  • Gelipdirler ýüwrük atly, ýaragly. («Görogly» eposy)

  • Ol, ýüwrük atlaryň hojaýynydy. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)

  • Ýüwrük ýaryşda belli, namart -- tabakda. (nakyl)

  • It ýüwrügin tilki söýmez, gamly kişi gülki söýmez. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýüwrük - ýüwrügi.

ýüwrük eller

Çalasyn hereket edýän, çalt işleýän el.

  • Onuň bir eli keserli, bir eli ýüpli, ýüwrük elleri gözleriniň yzyna eýerýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)


Duş gelýän formalary
  • ýüwrüge
  • ýüwrügi
  • ýüwrügim
  • ýüwrügin
  • ýüwrügini
  • ýüwrügiň
  • ýüwrükdir
  • ýüwrükleriň
  • ýüwrükligi
  • ýüwrüklik