ýüwürtmek işlik

Dokamak üçin erşi gerip, dokma taýýarlamak.

  • Uly bir zat hem däl-le, çalçajyk ýüwürtjek. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Nusga üçin saýlap baglaryň gülün, Dalanyň astynda dokma ýüwürtdi. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýüwürtmek - ýüwürdýär, ýüwürder, ýüwürdipdir.

göwün ýüwürtmek

seret göwün

  • Öz ýanyndan göwün ýüwürdip, obanyň uly gyzlaryny başdan-aýak synlap çykdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Nabat Eje.

  • Göwün ýüwürdip, süýji hyýallara gark bolupdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)