Ýörite saklanýan gurçugyň pilesinden emele gelýän önüm.
Watan bizden ýüňi, ýüpegi köp talap edýär. («Sowet Türkmenistany» gazeti)
Mama ýüpegiň ujuny düwüji bolup işe başlady. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)
Ýüpegi saklasaň--ýüň bolar, gözeli saklasaň -- güň. (nakyl)
Ýüpekden edilen, ýüpekden taýýarlanan.
Ýuka ýüpek köýnekli bir gyzyň el bulaýanlygy göründi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ýüpek ýaglyk başyňda, sende görünmez çabyt. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ýüpek - ýüpegi.
Piläni gaýnadyp uç almak ýüpegi gazanda gaýnadyp ilkinji gezek işlemek.