ýüp ýüp

  1. Ýüňden, çöpürden we ş. m. işilip, ýük, mal-gara daňmak üçin ulanylýan bag, tanap.

    • Çep gapyda iki kültem gara ýüp bilen göle hamyndan edilen bir tirkiş asylgy durdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Gandym düýäni derrew çökerdi, ýüplerini çekip daňyşdyrdy. («Pioner» žurnaly)

    • Ahyry «ýüp syrylyp, toýnukdan geçer», gelip derňelmän, hiç zat edilmez -- diýip, başga biri jogap berdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Ýüp syrylyp, toýnukdan geçer. (nakyl)

  2. Haly dokamak üçin ýüňden egrilen sapak, eriş.

    • Dürli ýüpden haly-horjun dokýarsyň. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

    • Käte çekip garryň igenç -- gepini, Özümiz reňkläp halyň ýüpüni. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.

Meselem ýüp - ýüpüm, ýüpüň.

ýüpsüz daňmak

Wada berip, wagtynda gelmezlik, köp garaşdyrmak.

ýüpüniň üstünde odup goýup bolmazlyk

Ynam edip bolmazlyk, jan ynanyp bolmazlyk, bil baglap bolmazlyk.

  • Onuň ýüpüniň üstünde odun goýup bolmaz -- diýip, bütin oba gürrüň edýärdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)


Duş gelýän formalary
  • ýüpde
  • ýüpden
  • ýüpdür
  • ýüpe
  • ýüpi
  • ýüplem
  • ýüpler
  • ýüplerden
  • ýüplere
  • ýüpleri
  • ýüplerinden
  • ýüplerine
  • ýüplerini
  • ýüpleriniň
  • ýüpleriň
  • ýüpli
  • ýüplüge
  • ýüplügi
  • ýüplügidir
  • ýüplüginde
  • ýüplüginden
  • ýüplügine
  • ýüplügini
  • ýüplüginiň
  • ýüplügiň
  • ýüplük
  • ýüplükden
  • ýüplükdir
  • ýüpmi
  • ýüpsüz
  • ýüpüm
  • ýüpümi
  • ýüpümiz
  • ýüpümiň
  • ýüpünden
  • ýüpüne
  • ýüpünem
  • ýüpüni
  • ýüpüniň
  • ýüpüň
  • ýüpüňe
  • ýüpüňem
  • ýüpüňi
  • ýüpüňiz