ýüklenmek işlik

  1. Ýük urulmak, ýüklenip goýulmak, ýük basylmak.

    • Şu ýyganja ýowşanlarymyzyň özi ýüklenip, eşegimiziň özi öýümize dikgirdäp basra -- diýýär. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)

    • Mawy birnäçe gün mundan ozal, Eziziň saraýyna garawul bolan gejesi birnäçe ýaraglaryň düýä ýüklenenini görüpdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Göçme manyda Bir zadyň ýerine ýetirilmegi tabşyrylmak, bir zady etmäge borçly edilmek.