ýüklemek işlik

  1. Bir zada ýük urmak, ýük basmak.

    • Artyk alaşasyny Aşyryň kakasy Sähet golaga tabşyryp, azygyny daýhanlaryň eşeklerine ýükledi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Ol iki sany mähnet meşigi eşege ýükledi. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)

  2. Göçme manyda Birine bir zady ýerine ýetirmegi tabşyrmak, bir zady etmäge borçly etmek.

    • Meniň öňki işimiň üstüne wagtlaýyn ýene bir iş ýüklediler.

günä ýüklemek

seret günä

  • Şolar ýaly haýynlaryň günäsini bolşewige ýüklemek bolmaz ahyry! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

töhmet ýüklemek

seret töhmet

  • Ol meniň boýnuma töhmet ýükläli bäri, men onuň bilen hiç wagt duşuşmadyk bolsam nätjek -- diýip, Wepa jogap berdi. (A. Gowşudow, Eserler)

üstüne ýüklemek

Bir işi ýerine ýetirmegi birine tabşyrmak.