ýük at

  1. Ýüklemek üçin, ulaga urmak üçin taýýar edilip goýlan zat, haryt.

    • Ýük ýüklemek we düşürmek baradaky ähli operasiýalar doly mehanizmleşdirilipdir. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

    • Aňyrdan ýadap gelýän kerwenler şu ýerde ýüklerini ýazdyryp, üç günläp dynç almagy makul gördüler. («Türkmen Halk Ertekiler Ýygyndysy»)

    • Ýük egrisi uzak gitmez. (nakyl)

  2. Öýüň dulunda galdyrylyp goýlan ýorgan-düşek.

  3. Göçme manyda Azap, jebir, jepa.

    • Meni şu hetde ýetiren durmuşyň agramly ýüküdir. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Diýdiň: -- Merdandyr yşk ýükün çeken. (R. Seýidow, Bagtlylar)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.

Meselem ýük - ýüküm, ýüküň.

ýüke werdiş

Ýük ýüklenmäge, ýük urulmaga endik eden, ýükçi.

  • Hindiler ýüke werdiş gatyr ýaly iňlisleriň pulemýotlaryny çekýärdiler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

ýüki agralmak

Işi ýetmek, işi köp bolmak.

  • Günbe-günden agralýardy ýükümiz, Baýlara siňýärdi zähmet hakymyz. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

  • Eje jan, sen meniň halymy soramaga geldiň mi ýa ýükümi biraz agraltmak niýetiň barmy? («Sowet edebiýaty» žurnaly)

ýüki aýrylmak

Dertden, gaýgydan dynmak, alada-azapdan halas bolmak.

  • Elli bolsa üstünden agyr ýük aýrylan adam ýaly, özüni lampa aşak goýberdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

ýüki saman

Iş oňarmaýan, biderek, boş.

  • Başga bir bezemen adamyny görkezip: -- ine bu adamyň geýimine seretme! -- diýseň: -- Ýüki samanmy? -- diýip, oňa ýigrenç bilen seredýär. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

ýüki ýetmek

Derdi artmak, aladasy, azaby köpelmek.

ýüküni ýeňletmek

Gaýgy-gamyny azaltmak, jepasyny, derdini ýeňletmek.

  • Iş Sapargüli ýadatmady, gaýtam onuň ýüküni ýeňletdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Nähili-de bolsa, bagtly durmuş sergisini açýan şol sözler ony ýumşatdy, ýüküni ýeňletdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

ýüküni tutmak

Gerekli zatdan şaýyny tutmak.

  • Ok-ýaragdan ýagşy tutup ýüküňiz, şundan göni Reçisa gitmeli. (A. Niýazow, Şygyrlar)

  • Ýigrimi ýedi düýäniň bugdaý ýüküni tutup, yzymyza öwrüldik. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)