ýöretmek işlik

  1. Endigan ädim ätdirip hereket etdirmek.

    • Uludan bir sojady-da, soňra ýöredip gitdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Herekete getirmek, işläp başlatmak, işletmek.

    • Derýalary tebigy ýagdaýlarynda gämi ýöretmek üçin peýdalanmak köplenç wagtda kyn bolýar. («Mydam Taýýar» gazeti)

    • Ony Moskwa mata dokaýan maşynlary ýöretmek hünärini öwremäge iberdiler. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary Žurnaly»)

    • Ol ýüp tutýan sag elini iki gat erşiň arasy bilen ýöretdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  3. Göçme manyda Belli bir tertip, kada boýunça alyp barmak, dowam etdirmek.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýöretmek - ýöredýär, ýöreder, ýöredipdir.

pikir ýöretmek

seret pikir

  • Zelili şeýle pikirler ýöretmek bilen öz watandaşlarynyň agzybir, ysnyşykly ýaşamaklaryny isläpdir. («Edebiýat»)

  • Dessanda bu hili fantaziýalar käbir ýagdaýlarda awtoryň ýöretmek isleýän pikirini ýüze çykarmaga hyzmat etdirilýär. («Edebiýat»)