ýöremek işlik

  1. Endigan ädim ädip hereket etmek, ýol geçmek.

    • Olar her wagt burunlaryny açyp, hemişekileri ýaly parahat ýöreýär. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Ýaňky tilkijik ýol ýöräp barýarka, bir tanyş tilkä duşupdyr. («Türkmen Halk Ertekiler Ýygyndysy»)

    • Ýoly ýörän ýeňer, işi- ýapyşan. (nakyl)

  2. Herekete gelmek, işläp başlamak, işlemek.

    • Otly ýuwaş- ýuwaşdan ýöräp ugrady.

  3. Görkezilen ugur, düzgün boýunça hereket etmek.

    • Seniň bellän ýoluň bilen düz ýöräp, Watnmyzy gülüstana öwürdik. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

  4. Göçme manyda Organizme güýçli täsir edip ýaýramak (ary, ýylan we s. m. zäheri hakda).

    • Halk arasynda: -- Içýanyň zäheri sary adama gaty ýöreýär -- diýilýär.