ýönekeýlik

[ýö:nekeýlik]

  1. Düşünmegi kyn dällik, örän düşnüklilik.

    • Puşkiniň poeziýasy stiliniň ýönekeýligi bilen tapawutlanýar.

  2. Kiçigöwünlilik, ulumsy dällik, sadalyk.

    • Gardaş, gaty gitme, sen hetdenaşa, Ýönekeýlik mynasypdyr her kişä. («Tokmak» žurnaly)

  3. Çylşyrymly dällik, sadalyk.

    • Waka öziniň ýönekeýligi bilen tapawutlanýar.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýönekeýlik - ýönekeýligi.