ýönekeý sypat

[ýö:nekeý]

  1. Düşünmegi kyn bolmadyk, aňsat, sada.

    • Ol hatda öziniň ýönekeý wäşi sözlerine-de ynam etmän, men adatdan daşary warsaky, bijaý sözler uraýdym öýdýän diýip, özünden özi ejap edýän wagtlary hem bolýardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  2. Ulumsy däl, açyk göwünli, kiçi göwünli, sada.

    • Biz bir ýönekeý adamlardyrys, şöhratly hanym! (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

  3. Beýlekilerden tapawutlanmaýan, beýlekilerden üýtgeşik bolmadyk.

    • Meniň edil özüňiz ýaly, ýönekeý daýhan gyzy bolup işläsim gelýär. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Bagbanyň gyzy)

    • Ol diňe iňrik garalandan soň, ýaragyny şol ýerde gizläp, ýönekeý şäher adamsy sypatynda göni türmä bardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  4. Adaty hakyky.

    • Meniň ýönekeý adymy tutaýyň! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  5. Çylşyrymly bolmadyk, sada.

    • Bu maşyn ýönekeý, sada maşyn däl, Beýlekiler ýaly ýörese-de ýol. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

    • Olar ýönekeý çatmalarda ýa-da garaňky gowaklarda ýaşapdyrlar. (Gadymy dünýä taryhy)

ýaýran ýönekeý sözlem

Grammatik termin seret sözlem