ýöne baglaýjy kömekçisi

[ýö:ne]

  1. Mugt, pulsuz, peşgeş.

    • Bu kitaby men saňa ýöne berýärin.

  2. Keýpine, peýwagtyna, biderek, sebäpsiz.

    • Onuň gamyşlaryň arasynda gizlenip durmagy ýöne ýerden däldir. («Mydam taýýar» gazeti)

  3. «Emma, weli» diýen manylary aňladýan, garşylygy görkezýän baglaýjy.

    • Ýöne weli, garry kitabynyň tapylgysyz gowudygyny mensiz hem bilýärdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

    • Ýöne ikimiz iýjek bolsak, agzymyza ýok hem bolmaz. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)