üzmek1 işlik

  1. Bir zady ýolmak, ýolup böleklere bölmek, ýolup aýyrmak (ýüp, ýüplük we ş. m. hakda).

  2. Ýolup almak, ýolmak.

    • Aýsoltanyň gowaça ýapragyny üzüp, ysgap duranyny gören Begenç, oňa hyrydar seretdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Aýlar okan hatyn basyp bagryna, Bägülüň gunçasyn ysgady, üzdi. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem üzmek - üzdüm, üzdüň, üzüpdir.

içini üzmek

seret

  • Mallar ýorunjanyň içini üzüpdir.

ömrüni üzmek

seret ömür

örküni üzmek

seret örk

  • Hatda onuň ýerden örküni üzenini hem saýgarman galdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

üzmek2 işlik

Bergiň baryny bermek, borjuňy bergi hasaplaşmak.

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem üzmek - üzdüm, üzdüň, üzüpdir.