üzeňňi

Ata ýa-da eşege münmek üçin hem-de aýagyňy basyp oturmak üçin gaýyş bilen eýere ýa gaňňa berkidilen demir halkaly enjam.

  • Durdynyň ýoldaşlaryndan biri üzeňňisine galyp seretdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Başlyk üzeňňisine galyp, gamçyly elini galgadanyny hem duýman galdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Müngä bolmaz ýaz aýyna bakmasaň, Üzeňňiň üzüler gaýyş dakmasaň, Gaňňaň agar gaýyş bagyň çekmeseň, Dürtinip meýdanda dursuň eşekli. (Durdy Gylyç, Goşgular)

üzeňňiden üç geçmek

Birine ýaranjak bolup ýaraňjanlyk etmek, ýalynjalyk etmek, ýallaklamak.

  • Ol özünden pullurak adamlary görende, olaryň öňlerinde üçürdikläp, üzeňňisinden üç geçýär. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)