üzüm

Hoşaly süýji miwe getirýän we miwesinden çakyr, kişmiş etmek üçin peýdanylýan çyrmaşagan bakja ösümligi we onuň miwesi.

  • Iýmişsiz agaçlary üzüm şahalary büreýär. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Galan ýeriň köpüsini üzüm agaçlary tutýardylar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

üzümiň suwy ýaly

Içen suwy alkymyndan görünýän, öz mähri bilen özüne çekiji, mylakatly, görmegeý (aýal maşgala hakda).

  • Görsene muny, edil üzümiň suwy ýaljak, ezip içäýmeli. («Sowet edebiýaty» žurnaly)