üzülmek1 işlik

Ýolunmak, gyrylmak.

  • Üzülen deý Aýlar gyzyň ýüregi ýola bakyp galdy onuň garagy. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

gaýra üzülmek

seret gaýra

  • Men bu ýerde sagaljak däl, belki, gaýra üzüljek -- diýip, Gurt arz etdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Kakaň eşiderem, onsoň ýene gaýra üzülip, öňküdenem beter bolar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

üzülmek2 işlik

Algy-bergini doly hasaplaşmak.

  • Bergiň üzülmek.