üzük1

Türkmen gara öýlerinde uguň tutuş üstüne ýapylýan keçe.

  • Bir wagtlar şu jaýlaryň ornunda üzügini galgadyşyp gara öýler otyrdy, indi bolsa olaryň biri hem galmandyr. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Öýümiziň üzükleriniň deşiklerinden Aýyň şöhlesi bolluk bilen düşýärdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem üzük - üzügi.

üzük2

Bütewi däl, ýolnan, üzülen, gyrlan (ýüp we ş. m. hakda).

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem üzük - üzügi.

üzük ýüp

  1. Arasy üzük.

  2. seret ara