üstünlik1

Işde, zähmetde we ş. m. gazanylan ýeňiş, şowlulyk.

  • Siziň gazanan üstünlikleriňiz bütin watanymyzyň abraýydyr. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Biz bu üstünliklerimiz bilen kanagatlanyp durmarys. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem üstünlik - üstünligi.

üstünlik2

Ýük ýüklenende ikiýan astynlygyň üstünden goýulýan bölek zat, bogdak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem üstünlik - üstünligi.