üstün

Asgyn däl, ökde, ýeňiji.

  • Sen üstün bolaýyn diýseň her işde, ogul hem gyz çagalarňyz okadyň! (Mollamurt, Saýlanan eserler)

üstün çykmak

Ökde gelmek, ýeňmek, basmak.

  • Ol öz ýanyndan: --Gaýduwsyzlyk, aýgyt edijilik hemmeden üstün çykar -- diýip oýlady. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

üstün gelmek

seret üstün çykmak