üst üst

  1. Bir zadyň ýokarky bölegi, ýokarky ýüzi.

    • Olar goçbuýnuzly keçäniň üstünde oturdylar. («Tokmak» žurnaly)

    • Aýsolatnyň kitaby stoluň üstünde edil irkilýän ýaly yranyp, obanyň içinden geçip barýar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Ýokary, asman, belent.

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.

Meselem üst - üstüm, üstüň.

iş üstünde

seret

  • Iş üstünde mäkäm duran ýigitler, mertlik bilen durşuňyza guwanýan. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)

üsti açylmak

Aýan bolmak, äşgär edilmek, ýüze çykarylmak.

üstünden barmak

Gabat gelmek, duş gelmek, pete-pet gelmek.

  • Sen maňa gulak as, men häzir bir elpe-şelpeligiň üstünden bardym. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

üstünden sowuk suw guýlan ýaly bolmak

Bir zatdan eýmenip, tisginip gitmek, gorkmak, gaty utanmak.

üstüne almak

Bir işi özi ýerine ýetirmäge razy bolmak, boýun bolmak.

  • Ol bu wezipäni batyrlyk bilen öz üstüne aldy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

üstüne çişmek

Birine haýbat atmak, gazaplanmak.

  • Meniň üstüme çişmäni hem başarýardyň. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

üstüne ýüklemek

seret ýüklemek

üstüni alyp durmak

Hemişe ýanynda bolup bizar etmek.

  • Emma olar hem bularyň üstlerini alyp durmansoňlar, olary-da biziň ýaly ýer astynda hasaplaýardylar. («Tokmak» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • üstde
  • üstden
  • üstdäki
  • üstdür
  • üste
  • üstem
  • üsti
  • üstler
  • üstlerde
  • üstlerden
  • üstlerdäki
  • üstlere
  • üstleri
  • üstlerinde
  • üstlerinden
  • üstlerindäki
  • üstlerine
  • üstlerini
  • üstleriniň
  • üstleriň
  • üstleýin
  • üstli
  • üstlügi
  • üstlük
  • üstüdir
  • üstüm
  • üstümde
  • üstümden
  • üstümdenem
  • üstümdäki
  • üstüme
  • üstümi
  • üstümiz
  • üstümizde
  • üstümizden
  • üstümizdäki
  • üstümize
  • üstümizi
  • üstün
  • üstünde
  • üstündedi
  • üstündedik
  • üstündedir
  • üstünden
  • üstündenem
  • üstündäki
  • üstüne
  • üstünem
  • üstüni
  • üstüni-de
  • üstüniň
  • üstüniňki
  • üstüň
  • üstüňde
  • üstüňden
  • üstüňdäki
  • üstüňe
  • üstüňi
  • üstüňiz
  • üstüňizde
  • üstüňizden
  • üstüňizdäki
  • üstüňize
  • üstüňizi