ürkmek işlik

Bir zatdan üşerilip gorkmak, tisginip gaçmak (mal hakda).

  • Maslyklardan ürken eýesiz atlar, ümdüzine tutýar undup pelläni. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

  • Göle ürküp, bükürdini urdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Owlak adamlaryň her bir gymyldysynda, hatda gulagyna çalaja ilýän şygyrdydan-da ürkýärdi. (Mähti Güseýin, Apşeron)

  • At-ürken ýerinden, är-gorkan ýerinden. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem ürkmek - ürkdüm, ürkdüň, ürküpdir.