Sähel zatdan ürküp duran, sähel zatdan tisginip duran, gorkak, garaçy (mal hakda).
Gulanyň kowum-gardaşlary, ürkek goýun ýaly ylgaşyp geldi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ürkek - ürkegi.