üpjün üp‧jün

Hiç bir zada mätäçligi ýok, maddy hal-ýagdaýy ýeterlik derejede bolan, gerek-zady ýerbe-ýer bolan.

  • Tapaýanda-da üpjün ýaragly adamlaryň üstüne barmak aňsat däldi. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

üpjün bolmak

Gerek bolan zatlar bar bolmak, ýerli-ýerinde bolmak, taýýar bolmak.

  • Üpjün bolýar biziň her bir zadymyz, duşmanlara otly zarba urýarys. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

üpjün etmek

Gerek bolan zatlary doly taýýar etmek.

  • Stansiýany gerekli materiallar bilen üpjün edýärler. («Mydam Taýýar» gazeti)

  • Bolýar, işçi, güýji, kerpiç we gaýry zatlar gerek bolsa, biz üpjün ederis. («Tokmak» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • üpjündi
  • üpjündigi
  • üpjündigini
  • üpjündir
  • üpjünligi
  • üpjünligini
  • üpjünliginiň
  • üpjünligiň
  • üpjünlik
  • üpjünmiş