Alada, iňkis zerarly bolýan biynjalyk.
Mämmediň çylkasyz aýdan sözleri, Aýlaryň göwnünde ünji döretdi. (B. Kerbabaýew, Aýlar)
Artygyň şol ünjüsi Aýna-da ýetdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar i çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp ü ýazylýar.
Meselem ünji - ünjüde, ünjüler, ünjüsi.
Alada gitmek, gaýga batmak, aladaly pikire gitmek.
Kesellediňmi! -- diýip, Kristofor köp ünjä gitdi. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)
Birini azara goýmak, ezýet çekdirmek.
Alada, iňkis etmek, pikir etmek.
Sen epgek bolar diýip ünji etme! (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Ýalňyş barada habar ber Söz hödürle
Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.