ündemek işlik

  1. Bir ugra gönükdirmek, ýol görkezmek.

    • Çernişow şäher gornizonyň az sanly soldatlaryny kömege ündeýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Nirä ündeseň barar. («Mydam Taýýar» gazeti)

  2. Maslahat bermek, maslahat etmek, nesihat bermek, ündew etmek.

    • Zelili her bir namarda syryňy paş etmän, berk saklamalydygyny öz döwürdeşlerine ündeýär. («Edebiýat»)