ümzük

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ümzük - ümzügi.

ümzük atmak

Güýç bilen öňe tarap hereket etmek, omzap-omzap ýöremek, döşüňi öňe berip, ýöremek, omzamak.

  • Çytawun howada içi çekgin atlar agyzdyryklaryny basyp; öňe bakan ümzük atdylar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Minut saýyn ümzük atyp ileri, Edermen polk gyssaýardy ýagyny. Umsagul ümzügin atyp ileri, höwes bilen gulak asdy gyzyna. (B. Kerbabaýew, Aýlar)