Sessiz-üýnsüz parahatlyk ýagdaý, imi-salalyk.
Dükanyň içinde ümsümlik höküm sürýärdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Azajyk ümsümlikden soň Goçmyrat-Eýsem sen ony gaty ýigrenýärsiň-ow! -- diýdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ümsümlik - ümsümligi.
Gürrüňe başlamak, duýdansyz ýerden ses peýda bolmak.