ümsüm

Sessiz-üýnsüz, imi-sala ýagdaýda, galmagalsyz, ýuwaş.

  • Ümsüm garaňkyda dokladçynyň sözi pert-pert ýaňlaýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Beýleki ussalaram öwünjeň weli, olar bu ussanyň öwnüşini görýärler-de, ümsüm ýanyndan turuberýärler. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)