ümmüldeşmek işlik

Biri-biriň göwnünden turup, sözüň alyşmak, biri-biriň gürrüňiňe ten bermek.

  • Gylyç olary görende, guwanç bilen garşylap, ümmüldeşip gürrüňleşdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Ümmüldeşip ysnyşykly ikimiz, gülşüp-oýnaşyp gaýtmakçy bolduk. (N. Pomma, Saýlanan eserler)