üleşik ü‧le‧şik

Paýlaşyk, bölüşik.

  • Olar üleşikden artykmaç paý alandyrlar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Şol düýäniň eti paýlaşylanda, bular hem ondan bir paý bolup, üleşige goşuldylar we: -- Elimize düşende gowşurarys! -- diýip nesýe aldylar. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem üleşik - üleşigi.


Duş gelýän formalary
  • üleşige
  • üleşiginden
  • üleşigine
  • üleşikde
  • üleşikden