übtük üb‧tük

Pamygyň, ýüňüň we ş. m. kiçijik bölejigi.

  • Indi onuň bir übtügini hem zaýalaman çöplemegi galýar. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Pagtadyr Watanyň geregi-görki, Ýekeje übtügem bolmasyn zaýa. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem übtük - übtügi.


Duş gelýän formalary
  • übtügem
  • übtügi
  • übtüginden
  • übtüginem
  • übtügini
  • übtüginiň
  • übtügiň
  • übtükler
  • übtükleri
  • übtükleriniň
  • übtükleriň
  • übtükli